Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gormaç “Talybandan” azat edildi


Mundan birnäçe gün ozal Gormaç “Talyban” tarapyndan basylyp alnypdy.
Mundan birnäçe gün ozal Gormaç “Talyban” tarapyndan basylyp alnypdy.

Owgan resmileri ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Farýap welaýatynyň Gormaç etrabyny yzyna alandyklaryny mälim etdiler. Gürrüňi gidýän territoriýa mundan birnäçe gün ozal “Talyban” söweşijileri tarapyndan basylyp alnypdy.

Welaýatyň polisiýa başlygynyň orunbasary Barýalaýi Başarýaryň beren maglumatyna görä, üç gün dowam eden çaknyşyklardan soň, şenbe güni ir bilen etrabyň hökümet binasynyň depesinde owgan baýdagy ýerleşdirilipdir.

Owgan resmisi mundan bir hepde ozal “Talyban” sebiti basyp alanda Gormaçyň polisiýa başlygyny we ýene-de 12 ofiseri öldürendigini hem mälim etdi.

Owganystanyň Goranmak ministrligi sebitde galan “Talyban” jeňçilerine garşy operasiýanyň dowam edýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG