Sepleriň elýeterliligi

Ukrain-rus uçuşlary ýatyrylýar


“25-nji sentýabrdan başlap Russiýanyň şäherleri bilen uçar gatnawlary togtadylar” diýip, ukrain ministri mälim etdi.

“25-nji sentýabrdan başlap Russiýanyň şäherleri bilen uçar gatnawlary togtadylar” diýip, ukrain ministri mälim etdi.

Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky uçar gatnawlary togtadylýar. Rus tarapynyň munuň öňüni almak üçin eden tagallalaryna garamazdan, Ukrainanyň infrastruktura ministri uçuşlaryň şu hepdäniň ahyryndan başlap bes edilýändigini mälim etdi.

“25-nji sentýabrdan başlap Russiýanyň şäherleri bilen uçar gatnawlary togtadylar” diýip, ministr Andreý Piwowarskiý aýtdy.

23-nji oktýabrda rus we ukrain resmileri Brýusselde duşuşanlarynda, rus tarapy Ukrainanyň öňe sürýän bu teklibini geçirmejek bolup, tagalla edipdi.

Russiýanyň transport ministri Maksim Sokolow bu baradaky gadagançylygyň ýatyrylmagy ugrunda alada etmegini dowam etdirjekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG