Sepleriň elýeterliligi

Siriýada eýranlylar öldürildi


Abdollah Bagheri Eýranyň ozalky prezidenti Mahmud Ahmadinejadyň şahsy janpenasydy. (Suratda Ahmadijadyň arkasynda)

Abdollah Bagheri Eýranyň ozalky prezidenti Mahmud Ahmadinejadyň şahsy janpenasydy. (Suratda Ahmadijadyň arkasynda)

Siriýada Eýranyň “Rewolýusiýa sakçylary” gwardiýasynyň iki agzasy, şol sanda Eýranyň ozalky prezidentiniň jan penasy öldürildi. Bu barada Eýranyň mediasy habar berýär.

“Fars” habar agentligi “Rewolýusiýa sakçylary” gwardiýasynyň metbugat wekili Ramezan Şarife salgylanyp, “Abdollah Bagheriniň we Amin Kariminiň Siriýadaky operasiýanyň dowamynda öldürilendigi” barada maglumat berdi.

33 ýaşly Bagheri Eýranyň ozalky prezidenti Mahmud Ahmadinejadyň şahsy janpenasydy. Ol Aleppo şäherinde öldürildi.

Şarif Siriýa meýletinçi bolup giden 5-6 sany eýranlynyň hem öldürilendigi barada maglumat berdi.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň esasy ýaranlarynyň biri – Eýran Damasky maliýe hemaýaty we harby maslahatçylary bilen üpjün edýär.

Siriýadaky dowam edýän graždançylyk urşunda 250 müňden hem aşa adam öldürildi, millionlarçasy hem öýlerini terk etmäge mejbur boldy.

XS
SM
MD
LG