Sepleriň elýeterliligi

Bangladeşde şaýylara hüjüm edildi


Hüjüm şaýy musulmanlarynyň belleýän Aşura çärelerine gabat geldi.

Hüjüm şaýy musulmanlarynyň belleýän Aşura çärelerine gabat geldi.

Bangladeşiň paýtagty Dhakada şaýy musulmanlaryna amala aşyrylan bomba hüjüminde azyndan bir adam öldi, 80-ne golaýy hem ýaralandy.

Hüjüm 20 müňe golaý şaýy musulmanynyň dini çärä ýygnan pursady amala aşyryldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Polisiýa bu hüjüme ilteşikli bolmakda güman edilip iki adamyň tussag edilendigini habar berdi.

Ýerli howpsuzlyk resmileriniň berýän maglumatyna görä, toplanan adamlara garşy azyndan bäş sany partladyjy zyňylypdyr.

Bu hüjüm şaýy musulmanlarynyň belleýän Aşura çärelerine gabat geldi. Bu gün Muhammet Pygamberiň agtygy Imam Hüseýniň ölümi hatyralanylýar.

XS
SM
MD
LG