Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Abbas bilen duşuşdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

Ysraýyl harbylary Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky serhedinde hüjümçidigi çak edilýän palestinalynyň öldürilendigini habar berdi. Maglumatda şübhelenýän adamyň serhetdäki şahsy düzümi pyçaklajak bolandygy we mundan soň atylyp öldürilendigi aýdylýar.

Bu aralykda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen duşuşyp, gazaplylygyň barha möwjäp barýan tolkunyny duruzmak ugrunda gepleşikleri geçirdi.

Gepleşiklerden soň hem Kerri hem Abbas meselä çözgüdiň tapyljakdygyna umyt bildirýändiklerini mälim etdiler.

Mundan bir gün öň, Kerri Berlinde Ysraýylyň premýer-ministri bilen hem duşuşdy.

Soňky hepdeleriň dowamynda palestinalylaryň hüjümi netijesinde on ysraýylly öldürildi. Olar aglaba ýagdaýda pyçaklanypdylar. Ysraýylyň ot açmagy netijesinde bolsa, 49 palestinaly öldürildi.

XS
SM
MD
LG