Sepleriň elýeterliligi

Russiýa Siriýanyň oppozisiýasyny ‘goldap biler’


“Siriýanyň Azat Armiýasynyň” söweşijisi

“Siriýanyň Azat Armiýasynyň” söweşijisi

Moskwa Russiýanyň Siriýadaky harby uçarlarynyň “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşýän we günbatar tarapyndan goldanylýan “Siriýanyň Azat Armiýasyna” (SAA) hemaýat bermäge taýýardygyny aýdýar.

“Biz howa arkaly watanperwer oppozisiýany, şol sanda Siriýanyň Azat Armiýasy diýilýänini hem goldamaga taýýar” diýip, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow çykyş etdi.

Rus mediasyna beren interwýusynda Lawrow “parlament we prezident saýlawlarynyň Siriýadaky krizisiň syýasy çözgüdiniň bir böleginiň bolmalydygyny” hem sözüne goşdy.

22-nji oktýabrda rus prezidenti Wladimir Putin çykyş edip, Assadyň oňa Siriýadaky oppozisiýa toparlary bilen gepleşmäge meýillidigini aýdandygyny belledi. Emma Assad oppozisiýanyň dialoga we “Yslam döwleti” diýilýänine garşy söweşmäge ygrarly bolmalydygy baradaky şertini hem goýupdyr.

Putin bu baradaky çykyşyny Assadyň Moskwa eden saparyndan iki gün soň etdi.

Käbir Günbatar hökümetleri, şol sanda ABŞ hem Russiýanyň Siriýadaky howa zarbalaryny tankytlap, olaryň aglaba Assadyň garşydaşlaryna gönükdirilýändigini, netijede “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriň has berkeýändigini nygtadylar.

XS
SM
MD
LG