Sepleriň elýeterliligi

Gimn – Watan şöhraty


Türkmenistanyň gimnini ýerine ýetirýän ýaşlar.

Türkmenistanyň gimnini ýerine ýetirýän ýaşlar.

Gimn döwlet berkararlygynyň esasy aýratynlygy saýylýar. Ol möhüm syýasy wakalaryň bolýan wagtynda, dabaralarda hem baýramçylyklarda ýerine ýetirilýär.

Orta asyrlarda Seljuklar imperiýasy döwründe häzirki halk sazy “Saltyklar” döwlet gimni bolupdyr diýen gürrüň bar.

Ilkinji

Türkmenistan döwleti üçin, iki gezek gimn döredildi. Ilkinji döwlet gimnini Aman Kekilowyň goşgusy esasynda, kompozitor Weli Muhadow döredipdi. Ol 1947-nji ýylda ýaňlandy.

Weli Muhadow

Weli Muhadow

Ondan öň SSSR-iň we Soýuz respublikalarynyň umumy gimni “Internasional” bolupdy. 1944-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan, SSSR-iň täze gimni döredildi. Şondan soň beýleki respublikalar hem gimn döretmäge girişdiler.

Weli Muhadowyň döreden gimnine öz döwründe ýokary baha berildi. Saz sungatyny öwreniji belli bilermen, ençeme aýdym kitaplarynyň awtory, gyrgyz ýazyjysy Balbaý Alaguşow “Azatlyk” radiosyna şeýle gürrüň berdi.

– Şol döwürde Merkezi Aziýanyň kompozitorlary döwlet gimnini bir rus kompozitory bilen bilelikde döretdirler. Diňe Weli Muhadow bu işe ýeke özi hötde geldi.

Bilermeniň aýtmagyna görä, W. Muhadow Watana bolan hormatyny hem çuňňur duýgy-düşünjesi bu gimnde jemläpdir. Ol döwürde dabara hem şowhun örän ileri tutulýan ekeni. Türkmen gimninde bolsa dabaradan ýa-da şowhundan, çuň mazmun agdygrak gelýär. Ol örän salykatly eser. SSSR-iň dabaralanýan döwründe, Staliniň zamanynda kompozitoryň şeýle çuň mazmunly eseri döredip bilşine haýran galýarsyň. Munuň üstesine-de örän milli.

B. Alaguşowyň aýdýany dogry. Bu sazyň astynda, dogrudanam, başyňy dik tutup, buýsançly durmak mümkindi. Ol gimnde boş wada ýa artykmaç badyhowa şowhun ýokdy.

Halk söýgüsi

Gimn Watan diýen giň düşünjäni aňladýar. Beýleki bir möhüm mesele, gimn halk söýgüsine hem buýsanjyna eýe bolmaly. W. Muhatowyň gimninde Watanyň taryhy keşbi bar. Agyr kynçylyklaryň, dagynyklygyň hem horlugyň aşagyndan galkynyp çykan bu mukam ähli türkmeniň ýürek owazyna meňzeýär.

Gimniň mazmunyny şahyr Gurbannazar Ezizow şeýle düşündirdi.

Bir görseň, enäniň hüwdüsi ýaly,

Bir görseň, atanyň wesýeti ýaly,

Bir görseň, söýgüliň söýgüsi ýaly,

Bir görseň, säherler bişen almalaryň

Üstünden öwüsen mukam mysaly.

Bir görseň, eneleň uzak diýarda

Galan ogullarna telwasy ýaly,

Gözsüzleriň göze,

Dilsizleriň dile,

Dirileriň ölene yhlasy ýaly.

Watanyň keşbi

Kompozitoryň dünýä inen obasy Bagyr Watanyň bir täsin künjegi. Obanyň ileri tarapynda belent baýyrlar hem dag bar, gaýrasyny gözýetmez giň Garagum tutýar.

Şol ýerde tebigatyň birnäçe ajaýyp şekilleri jemlenipdir. Bagyryň her çetinden bir derýa akyp geçipdir. Häzir ol derýalar kiçelip, çaýa öwrüldi.

Muhadowlaryň melleginiň bir çetinden Köne Nusaý görünýän bolsa, beýleki çetinden Täze Nusaý görünýär. Kompozitoryň kakasy Muhat aga dutar ussasy bolupdyr. Onuň saz çalmakdanam başy çykýan ekeni.

Megerem, şu görnüş, şu dogduk diýar ýaş Weliniň kalbynda soňy bilen mukam bolup ýaňlanandyr.

Dirilik

Ol ýigitlik ýaşynda iň ýowuz totalitar syýasatyň gazabyny görüpdir. Soňra 2-nji Jahan urşuna gatnaşyp, agyr söweş ýoluny başdan geçiripdir. Şol gazaply hem galagoply döwürden aman galan ynsan şeýle gimni döredip bilipdir.

Her günüň daňdany onuň gimni bilen başlanyp, her günüň gijesi beýik kompozitoryň döreden gimni bilen jemlenýärdi.

Merkezi Aziýanyň saz sungatyna ýakyndan beletleriň biri, Gyrgyzystanyň halk artisti Balbaý Alaguşow “Azatlyk” radiosynda çykyş edip, jany-teninden syzdyryp şeýle diýdi:

– Türkmen halky döwlet gimniniň sazyny üýtgetmeli däl. Onuň goşgusyny – tekstini üýtgedip bolar. Ýöne sazyna degmeli däl diýip hasap edýän. Beýle gimn seýrek döreýär.

Goja bilermeniň sözüne ähmiýet berilmedi.

Garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet tugy Weli Muhadowyň döreden gimniniň astynda belende galsa, goja mukamçy tirsegine daýanardy.

-- Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG