Sepleriň elýeterliligi

Çernogoriýa: polisiýa protesti dargatdy


Çernogoriýada polisiýa protestçiler bilen çaknyşdy.

Çernogoriýada polisiýa protestçiler bilen çaknyşdy.

Çernogoriýada polisiýa Parlament binasyna ýöriş geçiren 5 müň töweregi protestçini dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy ulandy. Demonstrantlar premýer-ministr Milo Dýukanowiçiň wezipesinden çekilmegini talap etdiler.

Ýöriş ilki parahatçylykly başlanypdy. Emma haçanda demonstrantlar Parlamentiň binasynyň öňündäki polisiýanyň barrikadalaryny böwsüp geçjek bolanlarynda, protest gazaplylyga ýazdy.

Içeri işler ministri Rasko Konýewiç wakada 15 ofiseriň ýaralanandygyny we parahat ilatdan 24 adamyň medisina kömegini sorap ýüz tutandyklaryny mälim etdi.

Protestleri gurnan oppozisiýadaky Demokratiýa Frontunyň lideri Andriýa Mandiç we onuň ýarany Slawen Radunowiç tussag edilip, gazaplylykdaky rollary barada sorag edildiler.

XS
SM
MD
LG