Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Migrant krizisi maslahat edilýär


Siriýadan, Yrakdan we Owganystandan gelýän on müňlerçe migrant Ýewropa ýurtlaryna aşmakçy bolýarlar.

Siriýadan, Yrakdan we Owganystandan gelýän on müňlerçe migrant Ýewropa ýurtlaryna aşmakçy bolýarlar.

Ýewropa bileleşigi we Balkan ýurtlarynyň liderleri Brýusselde Ýewropanyň bosgun krizisini maslahat etmek üçin adatdan daşary ýygnak geçirýärler. Bu aralykda serhetýakadaky üç ýurt eger-de demirgazykdaky Ýewropa ýurtlary migrantlary kabul etmegini bes etseler, onda öz serhet araçäklerini ýapjakdyklaryny aýtdylar.

Sammiti Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Žan-Klaude Ýunker çagyrdy.

Mundan bir gün öň, Bolgariýa, Rumyniýa we Serbiýa müňlerçe migrantlar üçin “buffer zonasy” bolup hyzmat etmejekdiklerini duýdurdylar. Siriýadan, Yrakdan we Owganystandan gelýän on müňlerçe migrant Ýewropa ýurtlaryna aşmakçy bolýarlar.

XS
SM
MD
LG