Sepleriň elýeterliligi

Siriýada ýene eýranlylar öldi


Siriýada öldürilen Mostafa Sadrazade

Siriýada öldürilen Mostafa Sadrazade

Siriýada Eýranyň “Rewolýusiýa sakçylary” gwardiýasynyň ýene iki agzasynyň öldürilendigi barada habarlar gowuşýar. Mundan bir gün öň, eýran resmileri Siriýada Gwardiýanyň başga-da iki agzasynyň heläk bolandygyny tassyklapdylar.

“Fars” habarlar gullugy Mostafa Sadrazadehiň we Milad Mostafiniň Siriýanyň Aleppo şäherinde “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşýän pursady öldürilendigini mälim etdi.

Mundan owal, eýran resmileri Siriýada “Rewolýusiýa sakçylary” gwardiýasynyň başga-da iki agzasynyň, şol sanda Eýranyň ozalky prezidentiniň şahsy jan penasynyň hem öldürilendigi barada habar beripdiler.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň esasy ýaranlarynyň biri – Eýran Damasky maliýe hemaýaty we harby maslahatçylary bilen üpjün edýär.

Soňky döwür Siriýada heläk bolýan eýranlylaryň sany artdy.

XS
SM
MD
LG