Sepleriň elýeterliligi

Assad “saýlawlara taýýar”


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad

Rus syýasatçysy Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň parlament we prezident saýlawlaryny geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

“Ol [Assad] Siriýanyň ösmegini isleýän ähli syýasy güýçleriň gatnaşmagyndaky saýlawlary geçirmäge taýýar” diýip, Kommunistik partiýanyň orunbasary Aleksandr Ýuşçenko aýtdy. Ol bu barada Damaskda rus deputatlarynyň delegasiýasynyň Başar al-Assad bilen geçiren duşuşygyndan soň çykyş edi.

Şeýle-de Ýuşçenko “eger-de siriýalylar muny möhüm hasap etseler, Assad saýlawlarda öz kandidaturasyny goýmaga hem taýýar” diýip, sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG