Sepleriň elýeterliligi

Ankara: Siriýanyň ‘eýelenmegine’ ýol bermeris


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan kürtleriň toparynyň Siriýanyň demirgazyk sebitlerini “eýelemegine” ýol bermejekdigini aýtdy.

Erdogan geçen hepde Siriýanyň Tal Abýad şäheriniň kürtleriň esaslandyran awtonom syýasy düzümine goşulmagyny ýazgaryp, çykyş etdi.

“Olaryň bar maksady – Siriýanyň demirgazygyny doly ele geçirmek” diýip, Erdogan belledi.

Ankara Siriýadaky kürtleriň has köp sebitleri öz gözegçiligine geçirmeginden we munuň netijesinde Türkiýedäki kürt separatist hereketleriniň möwjemeginden howatyr edýär.

XS
SM
MD
LG