Sepleriň elýeterliligi

Dünýä türkmenleriniň maslahaty geçdi


"Mekan" köşgi. Aşgabat

"Mekan" köşgi. Aşgabat

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň Ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky – 18-nji maslahaty geçdi.

Resmi maglumata görä, "Mekan" köşgünde geçirilen maslahata dünýäniň 16 ýurdunyň, şol sanda Owganystanyň, Belarusyň, Britaniýanyň, Germaniýanyň, Eýranyň, Pakistanyň hem wekilleri gatnaşypdyr.

Maslahatyň dowamynda Dünýä türkmenleriniň Ynsanperwer birleşiginiň alyp barýan işleri, şeýle-de türkmen diasporasynyň Owganystandaky, Russiýadaky, Özbegistandaky we Birleşen Arap Emirliklerindäki ýagdaýlary baradaky hasabatlar diňlenipdir.

Dünýä türkmenleriniň Ynsanperwer birleşiginiň 14 ýurtda 27 sany wekilhanasynyň bardygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG