Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada ýerli saýlawlar geçýär


Kiýewdäki ýerli saýlawlar. 25-nji oktýabr, 2015 ý.
Kiýewdäki ýerli saýlawlar. 25-nji oktýabr, 2015 ý.

Ukrainlylar ýerli saýlawlara gatnaşýarlar. Muňa ýurduň ykdysady çökgünlige we gündogar sebitleriniň konflikte uçran pursadynda, Günbatara ýykgyn edýän prezident Petro Poroşenkonyň koalisiýasy üçin bir synag hökmünde garalýar.

Ukrainanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krym we gündogaryndaky orsýetparaz separatistleriniň gözegçiligindäki sebitlerinden galan ähli regionlarynda ýerli häkimler we wekiller saýlanýar.

Prezident Petro Poroşenkonyň “Raýdaşlyk” partiýasynyň ýerli wekilçilik organlarynda has köp ýerleri almagyna garaşylýar. Emma, Poroşenko bildirilýän ynam onuň 2014-nji ýylyň maýynda prezident saýlananyndan bäri 26% pese gaçypdyr.

Saýlawlara ozalky prezident Wiktor Ýanukwoçiň “Regionlar partiýasynyň” ozalky wekillerinden düzülen “Oppozisiýa partiýasy” hem gatnaşýar.

Milli Parlamentde orunlaryň 10% töweregini eýeleýän bu partiýa Petro Poroşenkonyň Ukrainany NATO agza etmek baradaky tagallalaryna garşy çykýar. Ol gündogardaky konflikti Russiýa bilen ylalaşyp, parahatçylykly çözmegiň tarapynda çykyş edip, Ukrainanyň 1991-nji ýyldaky serhet araçäklerini dikeltmegi hem maksat edinýär.

Ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň “Batkiwşçyna partiýasynyň” (“Ata-watan partiýasynyň”) 2014-nji ýyldaky Parlament saýlawlaryna garanyňda gowy netijeleri gazanmagyna garaşylýar.

Ukraina boýunça 130 sany syýasy partiýanyň wekilleri dürli regionlarda dalaşgärlik edýärler.

XS
SM
MD
LG