Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda ýer titreme boldy


Ýer titremäniň pidalary keselhana alnyp barylýar, Peşawar, 26-njy oktýabr, 2015

Ýer titremäniň pidalary keselhana alnyp barylýar, Peşawar, 26-njy oktýabr, 2015

Merkezi Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda bolan 7.5 magnitudaly ýer titreme Günorta Aziýany sarsdyrdy.

Habar agentlikleriniň maglumatlaryna görä, 26-njy oktýabrda Hindu Kuş regionynda bolan ýer sarsgyny Delide, Yslamabatda we Kabulda duýulupdyr we Pakistanda 120-den gowrak adamyň wepat bolmagyna we onlarçasynyň ýaralanmagyna sebäp bolupdyr.

AÝ/AR-nyň demirgazyk Owganystanyň Baghlan welaýatyndaky habarçysy regionyň paýtagty Puli Kumride ençeme binanyň ýumrulandygyny habar berdi. Ýer titreme zerarly regionda elektrik togy kesildi, telefon aragatnaşygy bozuldy.

Resmileriň sözlerine görä, Owganystanda azyndan 30 adam wepat bolupdyr, şol sanda Talogan şäherinde mekdepde dörän basa-baslykda 12 gyz heläk bolupdyr.

XS
SM
MD
LG