Sepleriň elýeterliligi

Kreml Siriýada pidaly hüjümleri ret edýär


Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň hökümeti düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasynyň orsýet uçarlarynyň Siriýada amala aşyran howa zarbalarynyň onlarça adamyň ölümine sebäp bolmagynyň ähtimaldygy baradaky maglumatlaryny ret etdi.

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow 26-njy oktýabrda Moskwada žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda “biz mediada ägirt köp sanly toslamalary we ýoýulýan maglumatlary görýäris” diýdi we “belki-de bu maglumat hem şolaryň biridir” diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

25-nji oktýabrda “Human Rights Watch” Moskwany 59 sany parahat ýaşaýjynyň ölümi baradaky maglumatlary derňemäge ündedi.

Hökümete degişli bolmadyk bu guramanyň maglumatyna görä, bir uly maşgalanyň 46 agzasy, şol sanda 32 çaga Siriýanyň Homs şäherine edilen howa hüjümi zerarly ýaşaýyş jaýa düşen zarbadan, ýene 13 adam ikinji howa hüjüminiň netijesinde çörek dükanyna düşen zarbadan ölüpdir.

XS
SM
MD
LG