Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Gaz elektrostansiýasy Ýaponiýa gurar


Ýaponiýanyň söwda öýi “Sumitomo Corp” Türkmenistanda bahasy 300 million dollarlyk we kuwwaty 400 megawatlyk gaz elektrostansiýasyny gurmak mümkinçiligine eýe bolandygyny 26-njy oktýabrda mälim etdi.

Bu şertnama Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistana eden saparynyň dowamynda yglan edilen ylalaşyklaryň düzümine girýär.

23-nji oktýabrda Ýaponiýa we Türkmenistan umumy bahasy 18 milliard dollarlyk ylalaşyklara gol çekdiler.

Ýaponiýanyň söwda öýi gaz elektrostansiýasynyň gurluşygyny 2018-nji ýylda gurup gutarmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Türkmenistan gaz baýlygy boýunça dünýäde dördünji ýerde durýar.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna amala aşyrýan saparyny geçen hepdede başlady. Orsýet we Hytaý bu regionda ykdysady we geosyýasy täsirini artdyrmak ugrunda bäsdeşlik edýärler.

XS
SM
MD
LG