Sepleriň elýeterliligi

Eýranda Muharram makiýažy ýörgünli bolýar


Eýranda Muharram makiýažy ýörgünli bolýar.

Eýranda Muharram makiýažy ýörgünli bolýar.

Eýran yslam respublikasynda mukaddes Muharram aýyny özboluşly görnüşde bellemek isleýän bolsaň, muny çendenaşa etmeseň ýagşy hasaplanýar. Şonuň üçinem soňky döwürde bu aý gelende dellekhanalara ýörite tabşyryklar berilýär. Meselem, saçlara "Ýa Hüseýin" diýen sözi ýazdyrmak gadagan. Bu gadagançylygyň sebäbi bolsa dellekhanalaryň "Muharram üçin ýörite ýörgünlilikler" atly reklamalary ýaýratmagydyr.

Azatlyk Radiosynyň işgäri Golnaz Esfandiariniň ýazmagyna görä, diňe bir Ymam Hüseýiniň ady ýazylan gysga ýeňli köýnekler däl, eýse indi beýleki eginbaşlara hem barha köp gyzyklandyrma bildirilýär.

Ýöne gürrüňi edilýän gadagançylyk duýduryşy ýurduň dellekhanalar we gözellik salonlary birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan berildi. Konserwatiw metgubat hem 15-nji oktýabrda Muharram aýynyň başlamagy bilen Muharram ýörgünlilikleriniň hasam möwjejekdigine aýratyn ünsi çekýär.

Dine hormatsyzlyk

Eýranyň dellekhanalar birleşiginiň ýolbaşçysy Mostafa Gowahi öz duýdurşynda ylaýta-da Ymam Hüseýiniň adyny saça ýazdyrmaly däldigini nygtaýar. Ymam Hüseýin 680-nji ýylda Kerbelada öldürilipdir. Şondan bärem musulmanlar Muharram aýynda onuň ýasyny tutýarlar.

Eýran metbugaty Gowahiniň "Ýörite Muharram makiýažy we saç bejerimi dine hormatsyzlykdyr. Munuň öňüni alarys" diýendigini bildirýär.

Gowahiniň aýtmagyna görä, gaşlaryň ýörite ýolunmagy, tene tatuirowka basmak, dodagy reňklemek ýaly işler dellekhanalaryň ýapylmagyna sebäp bolup biler.

Bu ugurda Eýranyň saç salonlarynyň birleşiginiň ýolbaşçysy hem ýörite duýduryş berýär. Afsarolmoluk Saýan şeýle diýýär: "Ýörite Muharram makiýažy we bu temadaky reklamalar gadagan edilendir. Şeýle hyzmatlary hödürleýän salonlara temmi beriljekdir".

Agşam makiýažy

A. Saýan nähili makiýaž barada gürrüň gidýändigini aç-açan aýtmadygam bolsa, konserwatiw internet sahypalary "Muharram aýynda ýaşlaryň gaty geň sypata eýe bolýandygyny" ýazýarlar.

”Sharar.ir” internet sahypasy 18-nji oktýabrda: "Çog gyzyl reňklenen dodaklar, sap-sary saçlar, kelte atynjalar, "Ýa Hüseýin" diýip ýazylan jalbarlar bu ýylky Muharram gijelerinde has köp göze ilýär. Dellekhanalaryň Ymam Hüseýiniň matamyny tutup ýapylýan döwürleri indi owalky döwürde galdy" diýip ýazýar.

Mina atly 30 ýaşyndaky bir dellek sahypa şeýle interwýu berýär: "Soňky bäş ýylda Muharram däpleri Tähranda hasam ýörgünli ýagdaýa geldi. Ýaş gyzlar ýörite gije makiýažynyň edilmegini isleýärler. Saçlarynyň reňkini üýtgedýärler. Şeýdip, olar bu gijelerde hasam özlerine üns çekmek isleýärler".

Suratkeş Sima bolsa şeýle maglumat berýär: "Ýaşlar eginbaşyna Ymam Hüseýiniň adyny ýazdyrýarlar. Onuň adyny köýneklerine, penjeklerine, atynjalaryna ýazdyrýarlar".

Muharram karnawallary

Bir salonyň menejeriniň aýtmagyna görä, olar müşderiden Muharram makiýažyny näme üçin isleýändigini sorap bilmeýärler. Onsoňam, şeýle hyzmatyň edilmegi gadagan hem däl.

”Ion.ir” internet sahypasy bolsa: "Muharram üýşmeleňlerine gelenler şeýle bir geýinýärler welin göýä toýa gelen ýaly. Soňky ýyllarda Muharram gije karnawallarynyň gurnalmagyna bir bahana bolan ýaly" diýip ýazýar.

Golnaz Esfandiariniň ýazmagyna görä, Eýran yslam respublikasy gurlandan bäri hökümet raýatlaryň durmuşyny we daş keşbini öz kada-kanunlary bilen çäklendirmäge synanyşýar. Ýöne muňa garamazdan, zenanlar saçlaryny barha hasam açyk ýagdaýda görkezmäge çalyşýarlar. Şeýle-de has dar we kelte geýimleri geýinmäge ürç edýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG