Sepleriň elýeterliligi

Brusselde migrant plany ylalaşyldy


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jan-Klaud Junker, Brussel, 25-nji oktýabr, 2015

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jan-Klaud Junker, Brussel, 25-nji oktýabr, 2015

Ýewropanyň we Balkan ýurtlarynyň liderleri 25-nji oktýabrda Brusselde geçiren duşuşygynda Balkan regionynyň üstünden geçýän migrantlar akymy boýunça hyzmatdaşlyk planyny ylalaşdylar.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jan-Klaud Junker planyň bir böleginiň Gresiýanyň we Germaniýanyň arasyndaky ýolda migrant merkezlerinde 100 müňden gowrak ýer döretmegi öz içine alýandygyny aýtdy.

Junker BMG-niň bosgunlar agentliginiň (UNHCR) Gresiýada 50 müň çemesi bosgun üçin ýer döretmäge ýardam berjekdigini, ýene 50 müň ornuň günbatar Balkanlarda dörediljekdigini aýtdy.

Junker sammitde Balkan döwletleriniň ähli lideriniň bosgunlar barada maglumat alyşmak borjuny öz üstüne alandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG