Sepleriň elýeterliligi

“Hamýabda ýagdaý asudalaşdy”


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri.

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri.

Geçen hepde Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Hamýap etraby söweşijilerden yzyna gaýtarylyp alyndy. Şonda Owganystanyň wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum tarapyndan başladylan hüjümleriň netijesinde onlarça talyban söweşijisi Amyderýadaky ada gaçyp bardy. Bu derýa Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda ýerleşýär.

Eýse, Hamýap etrabynda bolan çaknyşyklar bu etraba we onuň ilatyna nähili täsir ýetirdi? Şeýle-de, türkmen-owgan serhedindäki ada gaçyp baran söweşijilere näme boldy?

Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, Hamýap etrabynyň häkimi inžener Ahmad bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG