Sepleriň elýeterliligi

Çeçen toýlarynda "edepsizlikler"


Çeçenistan.

Çeçenistan.

Toýda hiç hili ok atylmaly däl we tans meýdançasynda öýlenýän ýigit bilen gelniň arasy açyk bolmaly. Gelne tort kesdirilmeli däl. Ynha, bular Çeçenistanyň hökümetiniň kararyna görä, toýda saklanylmaly adaty düzgünler.

Bu düzgünler paýtagt Groznyda Medeniýet edarasynyň geçen aý ýaýradan nesihatlar bildirişinde aýan edilipdir. Bu nesihatlaryň ýaşlaryň "ruhy hem ahlak taýdan kämilleşmegine" gönükdirilendigi bellenipdir. Bu düzgünleriň kanuny aýratynlygy ýogam bolsa, jemgyýetde örän güýçli täsiri bar. Ramzan Kadyrowyň baştutanlyk edýan çeçen jemgyýeti, konserwatiw yslam kadalaryny kabul etmek gysyşy bilen ýüzbe-ýüz ýagdaýda.

"Soňky ýyllar ýaşlar liberallaşdylar"

Groznyý şäheriniň medeniýet edarasynyň işgäri Madina Şagidaýewa: "Soňky ýyllarda ýaşlar öz toýlarynda has köp liberallyga ymtylyş edýärler. Konserwatiw çeçen däp-dessurlaryndan üzňeleşmäge çemeleşýärler. Men ahlaksyz ýagdaýlary görmek islemeýärin" diýýär.

Ýurtda restoranlaryň we banket zallarynyň eýeleriniň şeýle täze kadalary berjaý etmäge höweslendirilmegi göz öňünde tutulýar. Ýerli toý gurnaýan gullugyň eýesi Zubair Bairakowyň aýtmagyna görä, täze kadalara laýyklykda, restoranlaryň eýeleri toý eýeleri bilen myhmanlaryň özüni nähili alyp barmalydygy barasynda öňünden bir ylalaşyga gelmelidir. Myhmanlar tans meýdançasynda özüni kada laýyk alyp barmasa, onda ýagdaý düzelýänçä aýdym-saz dowam edilmez.

Tüpeň atmak hem gadagan

Toýda tüpeň atylmagy hem gadagan edildi. Toý eýeleriniň tüpeň atmagy Kawkazda ýörgünli bir adat. Kawkazlylaryň Russiýanyň başga sebitlerinde hem şeýle adata eýermegi Moskwada halanmaýar.

Çeçen däbine görä, toýuň çykdajysyny öýlenýän ýigit bilen onuň magalasy öz üstüne alýar. Öýlenýän ýigidiň dostlary we maşgalasy gelni atasynyň öýünden çykarýar we toýuň geçirilýän ýerine äkidýär. Toýda gelniň oturmagy üçin ýörite ýer taýýarlanýar we onuň tans etmegi ýa-da başga hereketlere goşulmagy halanmaýar.

Däbe görä, öýlenýän ýigit, umuman, toýa goşulyşmaly däl. Diňe märeke sowlup, her kim öýüne dargandan soň öz gelnini görmeli.

XS
SM
MD
LG