Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'YD' Palmyrada üç adamy jezalandyrdy


“Yslam döwleti” topary Siriýanyň gadymy Palmyra şäherinde üç adamy jezalandyryp, olary gadymy diňlere baglap partlatdy, diýip synçy gurama 26-njy oktýabrda habar berdi.

Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramanyň başlygy Rami Abdel Rahma 25-nji oktýabrda jezalandyrylan adamlaryň Palmyranyň töwereginden bolandygyny aýtdy.

Palmiranyň koordinasion komitetiniň aktiwisti Mohammad al-Ayed “YD” toparynyň şeýle aýylganç hereketleri bilen medianyň ünsüni özüne çekmek isleýändigini belledi.

“YD” topary mundan ozal Yrakda we Siriýada gadymy ýadygärlikleriň ençemesini ýumurdy. Bu söweşiji topar Palmyrany maý aýynda hökümet güýçlerinden basyp aldy.

XS
SM
MD
LG