Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: 30 'söweşiji' tussag edildi


Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleri Konýa şäherinde “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri bolmakda güman edilýän 30 çemesi adamy tussag etdi.

27-nji oktýabrda geçirilen reýd Türkiýäniň howpsyzlyk güýçleriniň Diarbakir şäherinde söweşiji bolmakda güman edilýän ýedi adamy öldürmeginiň we 12 adamy tussag etmeginiň yzýany geçirildi.

Türkiýäniň häkimiýetleri “YD” toparynyň söweşijileri bolmakda güman edilýänlere garşy çärelerini 10-njy oktýabrda Ankarada 100 çemesi adamyň ölümine sebäp bolan bomba partlamalarynyň yzýany güýçlendirdi.

Resmiler kürtleriň tarapdarlarynyň parahatçylykly ýörişine zarba uran şol hüjümleri Siriýanyň aňtaw gulluklarynyň we kürt söweşijileriniň “YD” topary bilen işleşip amala aşyrandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG