Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donetsk: Ukrain esgeri wepat boldy


Donetsk şäheriniň halkara aeroporunyň binasy, 13-nji oktýabr, 2015
Donetsk şäheriniň halkara aeroporunyň binasy, 13-nji oktýabr, 2015

Ukrainanyň esgeri Donetskyň aeroportunyň golaýynda orsýetçi separatistler tarapyndan atylan okdan wepat boldy, diýip ukrain resmisi aýtdy.

Esgeriň 26-njy oktýabrda wepat bolandygy, Ukrainanyň harbylarynyň metbugat-wekili Oleksandr Zawtonowa salgylanyp, 27-nji oktýabrda habar berildi.
Esgeriň ölüminiň ok atyşygy bes etmek barada fewral aýynda Minskde gelnen ejiz ylalaşygyň berjaý edilmeginde oktýabryň ortasyndan bäri ilkinji hadysadygy aýdylýar.

26-njy oktýabrda separatistleriň metbugat-wekili Ukrainanyň harbylaryny aeroporta hüjüm edip başlamakda aýyplady. Kiýewiň resmileri bu aýyplamalary ret ediler.

“Frans Press” (AFP) agentligi ýerli ýaşaýjylaryň aeroportuň ýerleşýän ýerinde güýçli ok atyşygyň sesini eşidendiklerini habar berdi.

Gündogar Ukrainada 18 aýyň dowamynda 8000-den gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG