Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň ätiýaçlyk fondy gowşaýar


Orsýetiň maliýe ministri Anton Siluanow
Orsýetiň maliýe ministri Anton Siluanow

Orsýetiň maliýe ministri Anton Siluanow eger dünýäde energiýanyň bahasy häzirki derejede saklansa ýurduň ätýaçlandyryş fondunyň 2016-njy ýylyň aýagynda gowşamagynyň mümkindigini aýtdy.

Siluanowyň 27-nji oktýabrda Moskwada žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtmagyna görä, býujetiň 2015-nji ýyl boýunça difisitiniň 41 milliard dollar çemesi boljagy çak edilýär. Siluanow eger nebitiň her barreliniň bahasy 45 amerikan dollary derejesinde saklansa we Orsýetiň milli pulunyň amerikan dollary babatyndaky bahasy 62 rubla barabar bolsa ýurduň 2016-njy ýyl boýunça býujetiniň difisitiniň 900 milliard rubl möçberinde boljakdygyny belledi.

Orsýetiň 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp öz düzümine goşmagy sebäpli, ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we beýleki ýurtlar tarapyndan girizilene halkara sanksiýalary Orsýetiň ykdysadyýetine agyr zarba urdy.

Şeýle-de Orsýet 2014-nji ýylda Soçide Gyşky olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin gurluşyklara, Krymy rekonstruksiýa etmek we Siriýada harby çärelerini amala aşyrmak üçin uly mukdarda pul sarp etdi.

XS
SM
MD
LG