Sepleriň elýeterliligi

Ýer titremeden soň halas ediş işler dowam etdirilýär


Ýer titremäniň bolan ýerinde, Pakistanyň Bajaur şäheri, 26-njy oktýabr, 2015.

Ýer titremäniň bolan ýerinde, Pakistanyň Bajaur şäheri, 26-njy oktýabr, 2015.

Günorta Aziýany sarsdyran güýçli ýer titremäniň yzýany Owganystanda we Pakistanda halas ediş çäreleri dowam edýär.

Iki ýurduň resmileri heläk bolan adamlaryň sanynyň 350-den geçendigini aýdýarlar. Gözleg we halas ediş işleriniň dowam etmegi bilen pidalaryň sany artýar.

Pakistan 241 adamyň wepat bolandygyny 1600 adamyň ýaralanandygyny aýdýar. Owganystan ölenleriň sanynyň 115 adamdygyny, ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny habar berýär.

medisina serişdeler ýaly zerur zatlary ibermek ugrunda kynçylyk çekýändigini aýdýarlar.

Owganystanda tebigy betbagtçylygyň bolan ýerlerinde halas ediş işlerine howpsuzlyk problemasy päsgel berýär. “Talyban” öz söweşijilerine ýardam bermegi we halas edijilere päsgel bermezligi tabşyrandygyny mälim etdi.
Güýji 7.5 magnitudaly ýer sarsgyny 26-njy oktýabrda Owganystanyň Jurm şäheriniň golaýynda boldy.

XS
SM
MD
LG