Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pikir soralyşyk Ukrainadaky ‘bölünişigi’ görkezýär


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko we onuň aýaly Marina. 25-nji oktýabr, 2015 ý. Kiýew.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko we onuň aýaly Marina. 25-nji oktýabr, 2015 ý. Kiýew.

Ukrainada geçen ýerli saýlawlardan soňra geçirilen we 26-njy oktýabrda neşir edilen dört sany pikir soralyşygyň netijelerinden çen tutulsa, onda prezident Petro Poroşenkonyň hökümeti ýurduň günbatar we merkezi regionlarynda özüniň agdyklyk ediji pozisiýasyny saklap galýar.

Ýurduň günorta we gündogar böleklerinde bolsa saýlawçylar 2014-nji ýylda köçelerde geçen protestler netijesinde häkimiýet başyndan aýrylan öňki orsýetçi prezidentiň partiýasynyň galyndylaryndan düzülen "Oppozision blogy" goldapdyrlar.

Poroşenko saýlawdan soňky pikir soralyşygyň netijelerini hiç bir partiýanyň öz hökümetinden üstün çykmandygynyň alamaty diýip taryplady. Ol bu Orsýetiň ýurda kontrollyk etmek baradaky synanyşyklarynyň ýeňlişe uçramagy diýdi.

Gutarnykly netijeler

Poroşenko "Ukrain halky, ukrain jemgyýeti bu saýlawlar arkaly biziň geçmişe dolanmagymyzyň üstüne atanak çekdi" diýdi.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň bildirmegine görä, 26-njy oktýabra çenli oňa saýlawlaryň diňe 30 prosentinden maglumat gelip gowşupdyr.

Saýlawlara 130-dan agdyk partiýadan kandidatlar gatnaşdy. Gutarnykly netijelere 4-nji noýabrda garaşylýar.

Saýlawlar Orsýet tarapyndan goldanylýan gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Donetsk we Lugansk regionlarynyň käbir etraplaryndan daşgary tutuş ýurt boýunça 25-nji oktýabrda geçdi.

Hökümet güýçleri tarapynda yzyna alnan gündogar regionlarda deputatlyk orunlar ugrunda dalaş edenler "Oppozision blogyň" kandidatlary.

“Oligarhlar üçin synag”

Poroşennkonyň partiýasy we onuň bilen ýaranlykdaky beýleki partiýalar saýlawlaryň üsti bilen öz täsirlerini güýçlendirmegi umyt edipdiler. Ýöne bu iş o diýen aňsat bolmady.

"Güýçleriň ýerleşişi ýurduň bölünendigini görkezýär" diýip, syýasy analizçi Wladimir Fesenko aýdýar.

Saýlawlara şol bir wagtda-da öz regionlarynda täsiri güýçli bolan oligarhlar üçin synag hökmünde garaldy.

Mariupolda Ukrainanyň iň baý adamy we senagat kompaniýalary şäheriň ykdysadyýeti üçin örän möhüm bolan Rinat Ahmetowyň täsiri bilen bagly dörän dartgynlylyk zerarly saýlawlar talaba laýyk geçmedi.

Mariupolyň saýlaw komissiýasy "Oppozision blogy" goldaýan Ahmetowyň eýeçiligindäki bir kompaniýa tarapyndan çap edilen saýlaw býulletenlerini kabul etmekden boýun gaçyrdy.

Ýurduň gündogaryndaky Krasnoarmeýsk we Swatowo şäherlerinde hem syýasy konfliktler sebäpli saýlaw yza süýşürildi. Bu ýerde saýlawlaryň haçan geçjekdigi barada entek belli bir sene görkezilenok.

AP habar gullugynyň bildirmegine görä, Kiýewde şeýle hem beýleki uly şäherlerde häkimlik bäsleşiginde kimiň ýeňendigi 15-nji noýabrda ikinji tapgyrda belli bolar. Sebäbi kandidatlaryň arasynda alan sesleri 50 prosentden ýokary bolan dalaşgär ýok.

Saýlawdan soňky pikir soralyşyk boýunça paýtagt Kiýewde häzirki şäher häkimi, öňki boksçy Witaliý Kliçko beýlekilerden has öňde diýip, AP habar berdi.

XS
SM
MD
LG