Sepleriň elýeterliligi

Orsýet esgeriň ölümini derňeýär


Wadim Kostenko.

Wadim Kostenko.

Orsýetiň Baş harby prokuraturasynyň edarasy Siriýada orsýetli harby gullukçy Wadim Kostenkonyň öldürilmegi bilen baglanyşykly derňewleri başlatdy.

Bu edaranyň 28-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda derňewleriň deslapky netijeleri Orsýetiň Goranmak ministrliginiň öňe sürmelerini tassyklaýar diýilýär. Agzalýan ministrlik Kostenkonyň şahsy durmuşyndaky problemalar sebäpli öz janyna kast edendigini öňe sürüpdi.

Şeýle-de, beýanatda bu iş boýunça derňewleriň dowam edýändigi we “harby gullukçynyň ölümi bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň derňeljekdigi” bellenilýär.

Kostenkonyň dogan-garyndaşlary onuň öz janyna kast etmegine şübheli garaýarlar. Şeýle-de, olar Kostenkonyň ölen güni özleriniň onuň bilen telefon arkaly habarlaşandyklaryny aýdyp, şol mahal onuň keýpiniň gowudygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG