Sepleriň elýeterliligi

Orsýet GDA agza ýurtlara çagyryş etdi


Orsýetiň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) ýolbaşçysy Aleksandr Bortnikow.

Orsýetiň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) ýolbaşçysy Aleksandr Bortnikow.

Orsýet Siriýadaky howa zarbalary kampaniýasyna, esasanda, “Yslam döwleti” atly toparyň hatarynda söweşýän jeňçileriň öňki sowet respublikalaryndaky ýurtlaryna dolanmagynyň öňüni almak maksady bilen başlady diýip, Orsýetiň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) ýolbaşçysy aýdýar.

FSB-nyň direktory Aleksandr Bortnikow 28-nji oktýabrda Moskwada geçirilen konferensiýada çykyş edip, ol häzirki wagt Siriýadaky we Yrakdaky “Yslam döwleti” atly toparyň hatarynda dünýäniň 100-den gowrak, şol sanda “Orsýetiň, Gürjüstanyň, Ukrainanyň we Merkezi Aziýa” ýurtlarynyň raýatlarynyň söweşýändigini çaklady.

Şeýle-de, Bortnikow Owganystanda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşmagy Merkezi Aziýa ýurtlaryna abanýan howpuň artýandygyny görkezýär diýdi. Ol “Yslam döwleti” topary we “Talyban” hereketi ýerli “jenaýatçy toparlar” bilen bilelikdäki güýçleri emele getirýärler we olar “Merkezi Aziýa çozup girmäge synanyşyp” bilerler diýdi.

Şol bir wagtda Bortnikow Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlara terrorizme garşy göreşde hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge çagyryş etdi.

XS
SM
MD
LG