Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Kerri Merkezi Aziýa sapar eder


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry).

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry).

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) Merkezi Aziýadaky kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin regiona sapar eder.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň 27-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, Kerri Merkezi Aziýa etjek ilkinji saparyna, 29-njy oktýabrda Wenada Siriýa barada geçiriljek köptaraplaýyn gepleşiklere gatnaşandan soň başlar.

Kerri gyrgyz paýtagty Bişkekde Amerikan uniwersitetiniň täze okuw jaýlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar we Birleşen Ştatlaryň ilçihanasynyň täze edara jaýlaryna baryp görer.

Şeýle-de, Kerri Aşgabatda ýokary derejeli türkmen resmileri we Duşenbede ýokary derejeli täjik resmileri bilen duşuşar.

Kerriniň Merkezi Aziýa etjek bu saparynyň 3-nji noýabrda tamamlanmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG