Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet aýyplamalaryň dokumentleşdirilmegini isleýär


Siriýa.
Siriýa.

Orsýet günbatar mediasynyň Orsýetiň Siriýadaky howa zarbalary parahat ilatyň ölümine sebäp bolýar diýip berýän "elhenç" habarlaryny daşary ýurtlaryň Moskwadaky ilçihanalarynyň dokumentleşdirmegini talap edýär.

27-nji oktýabrda ýurduň Goranmak ministrligi bir aý bäri barýan bombalama kampaniýasy hakda halkara mediasynda berilýän maglumatlar sebäpli goranmak ministriniň orunbasary Anatoliý Antonowyň günbatar ýurtlarynyň birnäçesiniň, şeýle hem Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň we NATO-nyň harby attaşeleri bilen habarlaşandygyny bildirdi.

Antonow: "Biz diňe 'aram' oppozisiýany däl, eýsem keselhanalar, metjitler we mekdepler ýaly harby däl ýerleri hem nyşana alýanlykda aýyplanýarys" diýdi.

“Sanlyja günden” jogaba garaşýar

"Günbatar mediasynyň berýän maglumatyna görä, munuň netijesinde öldürilýänler jeňçiler däl" diýip, Antonow bu habarlary "Orsýete garşy töhmetler" diýip atlandyrdy.

Orsýetiň goranmak ministriniň orunbasary "Edilýän bu beýanatlary resmi taýdan düşündirmekleri ýa-da bulary inkär etmekleri üçin biz şu gün Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň we NATO-nyň harby attaşelerini çagyrdyk" diýdi.

Ol: "Bu aýratyn-da iňlis dilli neşirleriň birnäçesinde keselhanalara zarba uruldy diýilýän elhenç aýyplama degişli" diýdi.

Antonowyň nygtamagyna görä, bu barada subutnama berilmese, ýa resmi taýdan inkär edilmese, Moskwa atylýan töhmetlere Orsýete garşy informasiýa urşunyň bir bölegi diýip garar.

“Zarbalarda 446 adam öldi”

Orsýetiň goranmak ministriniň orunbasary özüniň ýene "sanlyja günden" jogaba garaşýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Siriýanyň oppozision toparlary, synçy guramalar, şeýle hem Siriýada iş alyp barýan haýyr-sahawat toparlarynyň ählisi Orsýetiň howa zarbalarynyň parahat ilatyň ölümine sebäp bolýandygyny habar berýärler.

Londonda ýerleşýän abraýly gurama Siriýanyň adam hukuklary baradaky synçy topary 23-nji oktýabrda Orsýetiň Siriýadaky zarbalarynda bärsinden 446 adamyň ölendigini, bularyň üçden birinden gowragynyň hem parahat ilatdandygyny aýtdy.

Siriýa-Amerika medisina jemgyýeti hem 22-nji oktýabrda Orsýetiň howa zarbalarynda keselhanalaryň ýa meýdan klinikalarynyň nyşana alnandygyny bildirdi.

Orsýet öz ýarany Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldamaga niýetlenen howa kampaniýasyna 30-njy sentýabrda başlady.

Kampaniýa diňe bir parahat ilatyň gyrylmagyna sebäp bolýanlygy üçin däl, eýse has-da beter Orsýetiň Günbatar tarapyndan goldalýan gozgalaňçy toparlara zarba urýanlygy üçin hem tankytlanýar. Orsýet bolsa özüniň "Yslam döwleti" toparynyň we ”Al-Kaýdanyň” jeňçilerini nyşana alýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG