Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Putin Wuçiç bilen duşuşýar


Orsýetiň prezidenti W.Putin (s) we Serbiýanyň premýer-ministri A.Wuçiç (ç) Moskwa, 8-nji iýul, 2014
Orsýetiň prezidenti W.Putin (s) we Serbiýanyň premýer-ministri A.Wuçiç (ç) Moskwa, 8-nji iýul, 2014

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 29-njy oktýabrda Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandr Wuçiç bilen duşuşýar.

Wuçiç soňky gezek Putin bilen bir ýyl mundan ozal duşuşypdy.
Serbiýa Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrunda gepleşik geçirýär, emma ÝB-niň Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli Moskwa garşy girizen sanksiýalaryna garşy çykyş edýär.

“Biz Orsýete garşy sanksiýalardan ýüz öwüren ýewropa ýurtlaryň biri bolup, Orsýete bolan açyk we dostlukly gatnaşygymyzy subut etdik”, diýip Wuçiç Moskwada premýer-ministr Dmitriý Medwedew bilen söwda barada geçiren gepleşikleriniň yzýany aýtdy. Wuçiç Serbiýanyň bu syýasatyny mundan beýläk hem dowam etdirjekdigini mälim etdi.

Serbiýanyň premýer-ministri öz ýurdunyň Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy bilen Serbiýada gazy saklamak üçin kärhanalaryň sanyny artdyrmak barada ylalaşyga gol çekmäge ýakynlaşandygyny aýtdy.

Orsýet Serbiýadan azyk önümleriniň importyny artdyrdy. Medwedewiň žurnalistlere aýtmagyna görä Orsýetiň Serbiýadan satyn alýan azyk önümleriniň möçberi şu ýylyň birinji ýarymynda 40% artypdyr.

XS
SM
MD
LG