Sepleriň elýeterliligi

‘Talyban’ serhetýaka etraby eýeledi


“Talybanyň” söweşijileri Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri bilen söweşleriniň dowamynda ýurduň demirgazygyndaky etraba jemlendi.

Tahar welaýatynyň hökümetiniň metbugat-wekili Sonatulah Taimoryň 28-nji oktýabrda aýtmagyna görä, söweşijiler ýurduň Täjigistan bilen demirgazyk serhedinde ýerleşýän Darkad etrabyny öz gözegçiligine alypdyr.

Taimor söweşlerde alty owgan esgeriniň wepat bolandygyny aýtdy. “Talyban” söweşijileriniň ikisiniň öldürilendigini we etrabyň hökümet hem polisiýa jaýlaryny eýeländigini habar berdi.

Owgan hökümetiniň resmileri “Talybanyň” Merkezi Aziýa gadam basmak maksatly “Özbegistanyň yslam hereketi” we beýleki toparlar bilen bileleşendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG