Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystany hüjümi ret edýär


Saud Arabystany arap koalisiýasynyň Ýemende keselhanany bombalandygy baradaky maglumatlary ret etdi we BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moony koalisiýany gyssagly tankyt etmekde aýyplady.

Saada şäherinde “Serhetsiz Lukmanlar” guramasy tarapyndan dolandyrylýan keselhana 26-njy oktýabrda zarba urulupdy, şonda hiç kim heläk bolmandy.

Saud Arabystanynyň BMG-däki missiýasy Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky “Arap koalisiýasynyň uçarlary keselhana hüjüm etmediler” we şol wagtda Saadada bolmadylar, diýip 28-nji oktýabrda aýtdy.

Saud Arabystany bu wakanyň derňelýändigini we Ban Ki-Moonyň 27-nji oktýabrda koalisiýany aýyplamagynyň “çuňňur gynandyrýandygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG