Sepleriň elýeterliligi

Saharow Baýragy arap bloggerine berildi


Blogger Raif Badawi

Blogger Raif Badawi

Saud arabystanda internetde çap eden maglumatlary üçin tussag edilen blogger Ýewropa Parlamentiniň 2015-nji ýyl boýunça pikir azatlygy ugrundaky Saharow baýragyna eýe boldy.

31 ýaşly Raif Badawi 2012-nji ýylda Saud Arabystanynyň dini polisiýasyny tankyt edendigi üçin tussag edilipdi. Ol internetde yslama dil ýetirmekde aýyplanyp, 10 ýyl türme tussaglygyna we 1000 gezek gamçylanmagyna höküm edildi.

Badawi ýanwar aýynda köpçüligiň öňünde 50 gezek gamçylandy. Halkara tankytlaryndan soň soňky jeza birnäçe gezek yza tesdirildi we resmi taýdan tussagyň saglyk ýagdaýy bilen düşündirildi.

Sowet dissidenti Andreý Saharowyň adyny göterýän 50 müň ýewro möçberli baýrak bilen 1988-nji ýyldan bäri adam hukuklaryny we azatlyklaryny goraýjylar hormatlanýar.

XS
SM
MD
LG