Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa bosgunlar meselesine has berk çemeleşer


Germaniýanyň içeri işler ministri Thomas de Maiziere, Berlin, 28-nji oktýabr, 2015

Germaniýanyň içeri işler ministri Thomas de Maiziere, Berlin, 28-nji oktýabr, 2015

Germaniýa migrantlaryň köpelmegi bilen baglylykda çärelerini pugtalandyryp, bosgunlygyň berilmegi ret edilenleri Balkanlara we Owganystana yzyna ibermegi wada berdi.

Içeri işler ministri Thomas de Maiziereniň bu berk çykyşynyň öňüsyrasynda pikir öwrenmeleriň netijesinde bosgunlar krizisi bilen baglylykda kansler Angela Merkeliň konserwatiw hökümetine bildirilýän goldawyň üç ýyl mundan ozalky derejesine çenli pese gaçandygy mälim edildi.

Siriýadan, Yrakdan we Owganystandan, şeýle-de Balkan ýurtlaryndan ýüzlerçe müň migrant şu ýyl Ýewropa bardy. Balkan ýurtlarynyň üstünden geçýän migrantlaryň köpüsi ykdysady taýdan has gurply we bosgunlar üçin amatly şertleri döredýän Germaniýa aşmaga synanyşýarlar.

De Maiziere Berlinde eden çykyşynda bosgunlaryň akymynyň soňky günlerde güýçlenendigini belläp, bosgunlygy soraýan müňlerçe adamyň işine Kristmas baýramçylygyna çenli serediljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG