Sepleriň elýeterliligi

Eýranda ABŞ-nyň raýaty tussag edildi


Siamak Namazi

Siamak Namazi

Eýranda tussag edilen ABŞ-nyň we Eýranyň raýatynyň tussaglykda saklanýan goşa raýatlykly dördünji amerikaly bolandygy habar berildi.

“Crescent Petroleum Co.” kompaniýasynyň Dubaýda işleýän ýolbaşçysy Siamak Namazi Eýrana iki hepde mundan ozal sapar eden wagtynda Rewolýusion Gwardiýasynyň aňtaw gullugy tarapyndan tussag edildi, diýlip “The Washington Post” we “The Wall Street Journal” neşirlerinde habar berilýär.

Namaziniň maşgalasynyň “Atieh Group” atly konsultasion kompaniýasynyň Tähranda, Dubaýda we Wenada öz wekilhanalary bar, şirket Eýranyň bazaryny ösdürmek ugrunda maslahat bermek işlerini alyp barýar.

Waşington Eýranyň häkimiýetlerini amerikan raýatlaryny boşatmaga çagyryp gelýär. Mundan öň Eýranda tussag edilen üç amerikan raýatynyň arasynda “The Washington Post” gazetiniň habarçysy Jason Rezaian içalyçylykda aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG