Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada "YD" bilen bagly rapper öldürildi


Öňki german aýdymçysy Denis Kaspert, salafitleriň arasynda, Bonn, 5-nji maý, 2012
Öňki german aýdymçysy Denis Kaspert, salafitleriň arasynda, Bonn, 5-nji maý, 2012

“Yslam döwleti” toparyny wagyz eden wideolara gatnaşan germaniýaly rapper aýdymçysy ABŞ-nyň Siriýada amala aşyran howa hüjümlerinde öldürildi, diýip ABŞ-nyň resmileri 29-njy oktýabrda aýtdylar.

Berlinde doglan Denis Kaspert "Deso Dogg" ady bilen tanalan meşhur aýdymçylaryň biridi. Emma ol söweşjeň yslama baş goşup, 2012-nji ýylda “YD” toparyna goşulypdy. Resmiler onuň ýene iki adam bilen bilelikde 16-njy oktýabrda öldürilendigini habar berdiler.

“YD” toparyny wagyz edýän wideolaryň birinde Kaspert kesilen kelläni tutup, onuň jezalandyrylan adamyňky diýip surata düşüpdi.

ABŞ-nyň hökümeti fewral aýynda aýdymçyny terrorçy diýip yglan etdi we onuň nemes dilinde gepleýänleri “YD” toparynyň düzümine çekmek boýunça iş alyp barandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG