Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Harby ammarda ýangyn boldy


Swatowo şäherçesindäki partlama, 30-njy oktýabr, 2015

Swatowo şäherçesindäki partlama, 30-njy oktýabr, 2015

Ukrainanyň resmileri harby ammarda ýangyn döräp, birnäçe partlama we iki adamyň ölümine sebäp bolan wakanyň “terrorçylykly hereket” hökmünde derňelýändigini aýtylar.

Goranmak ministrliginiň 30-njy oktýabrda habar bermegine görä, partlamalar Swatowo şäherçesindäki harby toplumda emele gelipdir. Şäherçe orsýetçi separatistleriň gözegçiligindäki Luhansk regionyndan 100 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Ministrligiň maglumatynda harby bazanyň daşyndan uçgunyň gelmeginiň yzýany ýangynyň dörändigi bellendi, emma hüjüm bolmakda güman edilýän ýagdaýa kimiň günäkärdigi aýdylmady.

Harby ammarda 3500 tonna ýaragyň saklanandygy habar berilýär.
Iki raýat wepat boldy, ýene dört raýat we dört esger ýaralandy.

Gündogar Ukrainada 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri söweşlerde 7900-den gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG