Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Bagdatdaky hüjümi ýazgardy


ABŞ-nyň “Azatlyk lageri” atly öňki bazasy, Bagdad

ABŞ-nyň “Azatlyk lageri” atly öňki bazasy, Bagdad

ABŞ Bagdadyň daşynda bolan raketaly hüjümi ýazgardy we Yragy günäkärleri jogapkärçilige çekmäge çagyrdy. 29-njy oktýabrda bolan hüjümde azyndan 23 eýranly oppozisioneriň we yrakly esgeriň öldürilendigi aýdylýar.

Yragyň polisiýasy Bagdadyň aeroportunyň golaýynda ABŞ-nyň “Azatlyk lageri” atly öňki bazasyna 15 çemesi raketanyň düşendigini aýtdy. Häzir bu bazada Eýranyň sürgünlikdäki “Mujahedin-e Halk” atly oppozision topary ýerleşýär.

Yragyň şaýylarynyň Al-Muhtar goşuny atly söweşiji toparyň başlygy Wathik al-Battat hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG