Sepleriň elýeterliligi

Kerri adam hukuklaryna aýratyn üns bermeli


ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri.

ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri.

ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerriniň Merkezi Aziýa planlaşdyrýan saparynyň öňüsyrasynda adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar bilelikdäki beýanat bilen çykyş edip, onuň sebitde adam hukuklaryna aýratyn üns bermegini soraýarlar.

Şol beýanata Gazagystanyň Adam hukuklary boýunça halkara býurosy, Adam hukuklary boýunça ”Türkmen inisiatiwasy” topary, Merkezi Aziýanyň Adam hukuklary boýunça assosiasiýasy, Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlyk topary gol goýdular.

Agzalýan guramalar tarapyndan ýaýradylan bilelikdäki beýanatda Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goraýan guramalaryň adatdakysyndan has agyr şertlerde işlemeli bolýandyklary, regionyň howpsuzlyk we ykdysady ýagdaýlary bahana edinilip, höküm sürýän režimler tarapyndan sebitde raýat jemgyýetine edilýän basyşlaryň hasam artdyrylandygy nygtalýar.

Hukuk bozmalar

Beýanatda aýratynam, takyk mysallar görkezilip, Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ýagdaýyna üns çekilýär. Şeýle-de Özbegistandaky, Gyrgyzystandaky, Gazagystandaky we Täjigistandaky tussaglaryň ykbaly hakda gürrüň edilýär.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch guramasy hem jenap Kerriniň sapary barada beýanat ýaýradyp, regionda hukuk bozmalara ünsi çekýär hem Kerrini bu ýagdaýlar baradaky aladalaryny aç-açan beýan etmäge çagyrýar.

31-nji oktýabr bilen 3-nji noýabr aralygynda boljak saparynyň dowamynda John Kerri Merkezi Aziýada ýerleşýän bäş ýurduň ýolbaşçylary bilen duşuşar.

Türkmen žurnalistleri

Onuň Özbegistanyň Samarkand şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen geçirjek duşuşygynyň gün tertibiniň Owganystandaky durnuksyzlyga we ”Yslam döwleti” atly jeňçi topara garşy alnyp barylýan göreş ýaly temalara bagyşlanjakdygy agzalyp, şol duşuşyklaryň ählisiniň gün tertibinde adam hukuklary temasynyň hem e mynasyp orun almalydygy bellenilýär.

HRW guramasy öz beýanatynda käbir takyk teklipler bilen hem çykyş edip, Türkmenistan barada aýdylanda, aýratynam Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ýagdaýyna ünsi çekýär.

Saparmämmediň awgust aýynda 3 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi ýatladylyp, bikanun ýagdaýda tussag edilen beýleki bendileri hem derhal boşatmaga çagyrylýar.

Türkmen häkimiýetlerine basyş

Şeýle-de HRW öz beýanatynda Jogn Kerriden hökümetiň öz syýasy garşydaşlarydyr öýdüp çaklaýan adamlarynyň ýurtdan çykmagyna garşy girizen çäklendirmelerini ýatyrmagy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ekspertlerine Türkmenistana baryp, degişli ýagdaýlar bilen doly tanyşmaga rugsat bermegi üçin türkmen häkimiýetlerine basyş etmegini soraýar.

Başda agzalyp geçilen adam hukuklaryny goraýjy toparlar diňe bir Türkmenistanda däl, eýse Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda hem adam hukuklaryna, söz we metbugat azatlygyna garşy girizilen çäklendirmeleriň soňuna çykmagyň wagtynyň ýetendigini ýatladýarlar. Bu nukdaýnazardan alanyňda, Kerriniň häzirki iş saparynyň gaty möhümdigini nygtap, ondan planlaşdyrylýan resmi duşuşyklarda regionda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada aç-açan gürrüň gozgamakdan çetde durmazlygy talap edýärler.

XS
SM
MD
LG