Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko: Saparyň netijelerine guwanyp bileris


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (çepde). 29-njy oktýabr, 2015 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (çepde). 29-njy oktýabr, 2015 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ukrain kärdeşi bilen duşuşygynda “[Türkmenistan] halkara giňişliginde deňhukuklylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna we ösüşiň öz nusagasyny seçip almak hukugyna hormat goýmak ýörelgelerini ykrar etmek ugrunda aýgytly çykyş edýär” diýdi.

Berdimuhamedowyň 29-njy oktýabrda Aşgabatda türkmen-ukrain gepleşikleriniň çäginde eden bu beýanatynyň yzysüre prezident Petro Poroşenko “Türkmenistanyň Ukrainanyň territorial bütewüligini, özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny goldaýandygy üçin öz minnetdarlygyny bildirýändigini” aýtdy.

Iki lider bu çykyşlaryny anyk haýsy meseläni göz öňünde tutup edendiklerini aýan etmeseler-de, bu Orsýetiň 2014-nji ýylyň mart aýynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almagyna we Kreml tarapyndan goldanylýan orsýetparaz separatistleriň gündogar Ukrainanada alyp barýan ýykgynçylykly hereketlerine gabat geldi.

Ýag-ýangyç

Aşgabadyň “Ruhyýet” köşgünde geçirilen gepleşikleriň çäginde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady pudaklar boýunça, şol sanda ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada hem pikir alşyldy diýip, resmi türkmen metbugaty habar berýär. Gepiň gerdişine görä ýatladyp geçsek, mundan owal, has takygy 2006-njy ýyla çenli Türkmenistan Ukraina ýylda 36 milliard kubometr möçberinde gaz akdyrýardy.

Şeýle-de Petro Poroşenkonyň Türkmenistana 28-29-njy otkýabr aralygynda eden iki günlük saparynyň çäginde bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada hem maslahat edilip, munuň netijesinde birnäçe, şol sanda iki ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky şertnamalara gol goýuldy.

Ukrain prezidenti Türkmenistana eden saparynyň netijeleri barada öz websaýatynda maglumat berip, onda [agzalýan saparyň we Türkmenistan bilen gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň] iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda ukrain kompaniýalary üçin täze mümkinçilikleri döredýändigini belleýär.

Şeýle-de, Poroşenko Aşgabatda geçirilen türkmen-ukrain gepleşikleriniň netijesinde uly göwrümli infrastruktura proýektleri dogrusynda ylalaşyklaryň baglaşylandygyny we şol proýektleriň durmuşa geçirilmegine ukrain potratçylarynyň gatnaşjakdygyny hem nygtap, “[Aşgabada] eden saparymyz, umuman, şowly boldy we biz [netijelere] guwanyp bileris” diýdi.

Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar mundan 23 ýyl ozal, ýagny 1992-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda ýola goýlupdy.

XS
SM
MD
LG