Sepleriň elýeterliligi

Kerri Merkezi Aziýa sapar edýär


Jon Kerri Gyrgyzystana bardy. 31-nji oktýabr, 2015 ý.

Jon Kerri Gyrgyzystana bardy. 31-nji oktýabr, 2015 ý.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýanyň döwletlerine edýän saparynyň çäginde Jon Kerri 31-nji oktýabrda Gyrgyzystana bardy.

Dört günlük saparyň dowamynda Kerri Gyrgyzystanda, Özbegistanda, Gazagystanda, Täjigistanda we Türkmenistanda gepleşikleri geçirip, ABŞ-nyň bu döwletleri terk etmändigini ynandyrar.

Kerri Bişkegiň etegindäki Manas aeroportuna gonandan soň, gyrgyz prezidenti Almazmek Atambaýew we daşary ministri Erlan Abdyldaýew bilen duşuşmak üçin paýtagta ugrady.

Ykdysady çökgünlige uçrap başlan Merkezi Aziýanyň hökümetleri ABŞ-nyň goşunlarynyň Owganystandan çekilmegi bilen Waşingtonyň sebite bildirýän gyzyklanmasynyň hem peselip başlamagyndan howatyr edýärler.

Sebitiň eksport edýän nebitiniň bahasynyň gaçmagy bilen, şeýle-de regionyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolan Russiýa garşy sanksiýalaryň girizilmegi netijesinde Merkezi Aziýanyň döwletleri belli bir kynçylyklary başdan geçirýärler.

Ýokarky sebäpler, şeýle-de hökümetiň yslam ekstremiziminden heder edip amala aşyrýan gazaply repressiýalarynyň netijesinde sebitde jemgyýetçilik durnuksyz ýagdaýlaryň döremeginden hem howatyr edilýär.

Adam hukuklaryny goraýjylar Kerriniň sebite edýän saparynyň dowamynda, adam hukuk meseleleriniň hem gozgalmagyna çagyryş etdiler. Şol bir wagtda ABŞ resmileri Kerriniň ABŞ-nyň edip biljek hemaýaty barada hem gürrüň etjekdigini mälim etdiler.

1-nji noýabrda Kerri Özbegistanyň Samarkant şäherine sapar edip, Merkezi Aziýanyň ähli bäş döwletiniň daşary işler ministrleri bilen duşuşar.

Türkmenistana edýän saparynyň çäginde ABŞ resmisiniň türkmen gazyny Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrmagy göz öňünde tutýan gazgeçiriji proýekti barada gürrüň etmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG