Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: Ukrain kitaphanaçysy tussaglykda


Natalýa Şarina

Natalýa Şarina

Russiýada ukrain edebiýatynyň kitaphanasynyň tussag edilen ýolbaşçysy saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny we rus resmileriniň ony garalamak üçin ekstremistiki kitaplary ‘oklandyklaryny’ aýdýar.

Russiýanyň Derňew komiteti kitaphananyň eýesi 58 ýaşly Natalýa Şarinanyň kitaplarynyň arasynda Russiýada gadagan edilen, aşa-milletçi Dmytro Korçinskiniň kitaplarynyň tapylandygyny öňe sürýär.

Natalýa Şarina bilen söhbetdeş bolan russiýaly adam hukuklaryny goraýjy Zoýa Swetowa “Ol [Natalýa] derňew geçirilýän mahaly köp sanly kitaplaryň oklanandygyny aýdýar” diýip, maglumat berdi.

Derňew mahaly Şarinanyň özi kitaphanada däldi. Onuň orunbasary Witaliý Krikunenko kitaphanada Korçinskiniň kitaplarynyň bolmandygyny we bu baradaky aýyplamalaryň “toslamadygyny” aýtdy.

Şarina özüne bildirilýän aýyplamalary inkär edýär.

XS
SM
MD
LG