Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa ‘ünsi sowjak bolýar’


General Filip Bredlowe
General Filip Bredlowe

NATO-nyň ýokary derejeli komandiri Russiýa Siriýada harby kampaniýa başladyp, özüniň harby pudagynyň täzeden galyp başlandygyny görkezjek boldy, şeýle-de Moskwa munuň bilen Ukrainadaky wakalardan ünsi sowmaga synanyşdy diýdi.

ABŞ-nyň harby howa güýçleriniň generaly Filip Bredlowe (Philip Breedlove) Russiýany Ukrainanyň gündogaryndaky ok atyşyklary bes etmek baradaky Minsk ylalaşygynyň şertlerini duşundan geçirýänlikde aýyplady.

Generalyň sözlerine görä, Russiýa Ukrainanyň gündogaryndaky jeňçileri artilleriýa toplary, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün etmegini dowam etdirýär.

Ukrainanyň gündogarynda 2014-nji ýylyň aprelinden bäri hökümet güýçleri bilen Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasyndaky konfliktde 7 müň 900 töweregi adam öldürildi.

XS
SM
MD
LG