Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ymamlardan hijaba tutumlaryny aýyl-saýyl etmegi islenýär


Hijap
Hijap

Gazagystanyň din işleri bilen gyzyklanýan döwlet edaralary, mekdeplerde we kollejlerde okaýanlaryň musulmanlaryň daňynýan ýalygy hijaptan tapawutlandyrmagy barasynda anyk çäreleriň geçirilmegini sorap, hijaby bolsa terrorçylyga garşy propagandanyň esasyna öwürmegi isläpdir.

Astanada geçirilen Gazagystanyň dini tagallaçylarynyň 5-nji jemlenşiginde, ýurduň ymamlarynyň okuw jaýlarynda hijabyň ulanylmagy barasynda bir pikire hem tutuma eýe däldigine aýratyn üns çekilipdir. Akmola welaýatynyň din işleri guramasynyň ýolbaşçysy Saule Ibraýewa öz çykyşynda, din işleri baradaky ýokary gurama çagyryş edip, indi muňa çäre görülmeli wagtyň gelendigini bildiripdir. Ol, ýola goýuljak kadalaryň yslam baradaky ýokary guramanyň web sahypasynda taýýarlamagy teklip edipdir.

Bir çete çekilip Azatlyk Radiosyna interwýu beren ol döwlet işgäri zenan, aslynda bu temada öz pikrini aýtmaga gorkýandygyny mälim edip, gysgaça şeýle diýipdir:

-Ymamlaryň aglaba köpçüligi şeýle pikirde... Hut olaryň öz aýallary hijaply ahbetin. Haçan-da olar tagallaçy toparyň agzalary höküminde maslahatlara gatnaşmaga gelen mahaly men olardan gorkýaryn. Men şeýle ýerde bir zat aýtmaga çekinýärin. Tagallaçy toparyň agzalarynyň hemmesiniň tutumy bir bolmaly ahyryn mekdeplerde hijap geýilmegi barasynda. Okuw jaýlarynda kesgitlenen ýeke-täk eginbaş bar we hemmeler şony geýäýmeli. Bir gyz maşgalanyň hijabyny çykaryp mekdebe gelmegi onuň dinden çykandygyny ýa-da Hudaýa ynanmaýandygyny aňlatmaýar ahyryn. Ine aslynda ymamlar şuny düşündirmeli. Saule Ibraýewa ynha şeýle pikirde.

Onuň aýtmagyna görä, ymamlaryň köpüsi aýdylan bilen razylaşýarlar. Ýöne olaryň käbiri bu tagallany goldaýan bolsa, käbirem goldanok.

Şeýle teklipden daşaryn Gazagystanyň dini öwrenýän alymlarynyň 5-nji jemlenşiginde Içeri işler ministrliginiň kriminal polis edarasynyň ekstremizme garşy göreş bölüminiň başlygynyň orunbasary Darhan Razuýew hem bir goldanma hödürläpdir. Onuň bellemegine görä, okuw jaýlarynda din barasynda düýpli maglumat berýän sapaklar ýetmezçilik edýär. Şonuň üçinem edil häzir "terrorçylyga garşy göreş propagandasynyň" esasy emee getirjek şeýle sapaklar okadylmaga başlanmaly.

-Jemgyyýetde radikallyk uklap ýatyrdy. Ýöne indi terror guramalarynyň sosýal ulgamlar hem ýörite adamlaryň üsti bilen alyp barýan aň üýtgetme propagandasynyň täsiri bilen radikallyk möwjeýär. Şonuň üçinem gijä galman bu ugurda abanýan howpa garşy gorajak ýörite bir goldanma taýýarlanmaly. Darhan Razuýew ynha şeýle pikirde.

Ýygnakda şol bir wagtyň özünde ýurtda kämilleşen teologlaryň ýetmezçilik edýändigine hem üns çekilipdir. Tagallaçy propaganda toparynda bolsa, diňe diniň esaslaryny okadýan mugallymlaryň, polis işgärleriniň we häkimligiň işgärleriniň orun alýandygy mälim edilipdir.

Döwlet işgärleriniň hödürlän şeýle tekliplerine din işleri baradaky ýokary guramanyň wekilleri gulak hem asmandyr. Gazagystanyň dini tagallaçylarynyň 5-nji jemlenşiginde ymamlar diňe açylyş mahalynda we arakesmedäki iýip-içişlikde ile görnüpdirler we soň bolsa çykyp gidipdirler. Şol sebäpdenem olar dini boýunça iş alyp barýan döwlet işgärleriniň çykyşlaryny, tekliplerini we ündewlerini eşdip bilmändirler. Din işleri baradaky ýokary guramanyň wekilleri metbugat işgärlerine daşarda öz garaýyşlaryny aýan etmekden saklanypdyrlar.

Gazagystanyň hökümet işgärleriniň aglaba köpçüligi hijabyň ýerli däl-de, eýse keseki däbidigini aýdýarlar. Mundan birnäçe ýyl owal Gazagystanyň musulmanlarynyň dini guramasy musulman geými baradaky öz garaýşyny aýan edip bir petwa beripdir. Petwa görä "haýsam bolsa bir saý-sebäp bilen hijaby çykarmak, şonuň ýaly-da sapaga goýberilmeýändigi üçin hijaby çykarmak kanuny taýdan rugsat berlen dini haka päsgelçilikdir. Şeýle-de bu adamyň dini azatlygynyň bozulmagy we onuň ynanç duýgusyna äsgermezçilik edilmegidir".

Magaryf ulgamynyň resmileri bolsa şeýle ýagdaýa ýörite bir düşündiriş bermek bilen, okuw jaýlarynyň adaty dünýewi aýratynlyga eýe öz kada-kanunlarynyň bardygyny mälim edipdirler.

XS
SM
MD
LG