Sepleriň elýeterliligi

Uçar heläkçiligi: Russiýa matam tutýar


Müsüriň resmileri heläkçilikde uçaryň içindäki ähli adamlaryň heläk bolandygyny habar berdi.

Müsüriň resmileri heläkçilikde uçaryň içindäki ähli adamlaryň heläk bolandygyny habar berdi.

Russiýa Sinaýi ýarymadasynda uçar heläkçiliginde heläk bolan 224 pidanyň hatyrasyny tutýar. Bu aralykda Müsürden Russiýa uçuşy amala aşyran uçaryň näme sebäpden duşendigi boýunça derňewler dowam edýär.

Müsürdäki “Yslam döwleti” toparyna degişli jeňçiler uçary özleriniň urup düşürendigini öňe sürdüler. Emma söweşijiler muny nähili amala aşyrandygy barada hiç hili maglumat bermedi, Moskwa hem bu öňe sürmäni ret etdi. Müsüriň howpsuzlyk resmileri uçaryň urlup düşürilendigi ýa-da onuň partladylandygy boýunça hiç hili yşaratlaryň ýokduguny aýdýarlar.

“Kogalymawiýa” howaýollaryna degişli uçar 31-nji oktýabrda Şarm el-Şeýhden Sankt Peterburga uçuşy amala aşyrýan pursady kenarýaka Ariş şäheriniň töwereginde gaçdy.

Müsüriň resmileri heläkçilikde uçaryň içindäki ähli adamlaryň heläk bolandygyny habar berdiler.

Resmiler uçarda 217 ýolagçynyň, şol sanda 24 çaganyň we ýedi ekipaž agzasynyň bolandygyny aýdýarlar.

Ukrainanyň daşary işler ministri heläkçilige uçran uçarda dört ukrain raýatynyň bolandygyny, Belarusyň Daşary işler ministrligi hem uçarda bir belaruslynyň bolandygyny mälim etdiler.

1-nji noýabrda Russiýada matam güni yglan edildi. Ýurt boýunça baýdaklar ýarym aşak düşürildi, telewideniýedäki şowhunly gepleşikler ýatyryldy.

Döwletiň eýeçiligindäki RIA habarlar gullugy bu uçar hadysasyny sowet we rus awiasiýasynyň taryhyndaky iň pajygaly heläkçilik hökmünde häsiýetlendirdi.

Uçaryň düşen ýerinde derňew işleri dowam edýär. Russiýanyň transport ministri Maksim Sokolow hem Kaýire bardy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG