Sepleriň elýeterliligi

Kerri Samarkanda bardy


Jon Kerri we Yslam Karimow. Samarkand

Jon Kerri we Yslam Karimow. Samarkand

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Özbegistanyň taryhy Samarkand şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri bilen duşuşýar.

Jon Kerri ABŞ-nyň döwlet sekretary hökmünde Merkezi Aziýa ilkinji saparyny amala aşyrýar.

ABŞ sebitiň awtoritar hökümetleriniň adam hukuklaryna we demokratiýa gymmatlyklaryna hormat goýmaklaryny isleýär. Munuň netijesinde regiondaky ekstremizm howplarynyň has peseljekdigine ynanylýar.

31-nji oktýabrda Jon Kerri Gyrgyzystanda bolan mahaly öz sapar edýän ýurtlaryny tankyt etmekden çekinmejekdigini duýdurdy. Şol bir wagtda, ABŞ resmisi bar bolan aladalanmalara garamazdan, regionyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny hem mälim etdi.

Samarkandyň aeroportynda Kerrini Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow garşylady.

Ykdysady çökgünlige uçrap başlan Merkezi Aziýanyň hökümetleri ABŞ-nyň goşunlarynyň Owganystandan çekilmegi bilen Waşingtonyň sebite bildirýän gyzyklanmasynyň hem peselmeginden howatyr edýärler.

Sebitiň eksport edýän nebitiniň bahasynyň gaçmagy, şeýle-de regionyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolan Russiýa garşy sanksiýalaryň girizilmegi netijesinde Merkezi Aziýanyň döwletleri belli bir kynçylyklary başdan geçirýärler.

Munuň netijesinde Merkezi Aziýada jemgyýetçilik durnuksyz ýagdaýlaryň döremeginden, yslam eksremizminiň ýaýbaňlanmagyndan howatyr edilýär.

XS
SM
MD
LG