Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Parlament saýlawlary geçýär


Türkiýäniň baýdagy

Türkiýäniň baýdagy

Türkiýede soňky bäş aýyň içinde ikinji gezek parlament saýlawlary geçirilýär.

Bu baradaky karara şu ýylyň 7-nji iýunynda – prezident Rejep Taýyp Erdoganyň Adalat we Galkynyş partiýasynyň Parlamentdäki köpçüligini ýitireninden soň – gelindi.

Häzirki ses berilişigiň netijesinde hem Erdoganyň partiýasy Parlamentde gerekli köpçüligi alyp bilmese, ol dünýewi Milli Respublikan partiýasy bilen häkimiýet ylalaşygyny baglaşmaga mejbur galyp biler.

XS
SM
MD
LG