Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Metjide raketa atyldy


Owganystanyň Açin etraby

Owganystanyň Açin etraby

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda metjide atylan raketanyň netijesinde azyndan bäş adam öldi, başga-da dördüsi ýaralandy. Bu barada ýerli resmiler maglumat berýärler.

Açin etrabynyň häkimi hüjümiň ikindi namazy okalýan pursady amala aşyrylandygyny habar berdi.

Resmiler bu hüjümiň arkasynda “Yslam döwleti” jeňçi toparynyň durandygyny öňe sürýärler. Ýerli howpsuzlyk güýçleri bu waka bilen ilteşikli bolmakda iki adamyň, şol sanda bir daşary ýurtlynyň hem tussag edilendigini mälim etdiler.

Owgan resmileri “Yslam döwleti” toparynyň Owganystandaky hereketlerini ýaýbaňlandyryp başlandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG